Garyagdyyev Consulting – işewürlikde strategik ösüşden başlap, bilim we ylymda grantlar hem-de halkara taslamalar, sanly tehnologiýalarda bolsa innowasion çözgütlerden başlap start-uplara çenli giň gerimli konsalting hyzmatlaryny hödürleýär – biziň bilen üstünlik ýolunda ygtybarly ädim ädiň!
🧪 Ylym boýunça maslahat hyzmatlary
Biz alymlara we ylmy guramalara giň gerimli maslahat hyzmatlaryny hödürleýäris:
▫️ Milli we halkara grantlara (EU, DAAD, UNESCO we ş.m.) arza taýýarlamakda goldaw berýäris;
▫️ Ylmy žurnallarda (Q1–Q4) makala çap etmekde ýardam edýäris — žurnaly saýlamakdan başlap, formatting talaplaryna çenli;
▫️ Bibliometrik derňew, maglumatlaryň seljermesi we grafiki görkezilişi ýaly hyzmatlary ýerine ýetirýäris.
📎 Taslamalaryňyzy pikiriň döremeginden başlap, hasabat bermäge çenli doly goldaýarys.
🎓 Bilim boýunça maslahat hyzmatlary
Biz bilim ulgamynda doly dolandyryş we ösüş hyzmatlaryny hödürleýäris:
▫️ Netijä gönükdirilen (OBE) okatmak ýörelgelerine laýyk okuw programmalaryny düzýäris we täzeleýäris;
▫️ Moodle, Google Classroom, Canvas ýaly sanly okuw ulgamlaryny (LMS) ornaşdyrýarys;
▫️ Mugallymlar üçin okuwlar, seminariýalar we hünär kämilleşdiriş kurslaryny geçirýäris.
📎 Bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we sanly özgertmelere ýardam berýäris.
🚀 Bilimde innowasiýalar we sanly tehnologiýalar
Biz ylym we bilim ulgamynda innowasiýalaryň we tehnologiýalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýäris:
▫️ EdTech başlangyçlaryna (start-uplar) ösüş strategiýasy, uniwersitetler bilen hyzmatdaşlyk we grant almak meseleleri boýunça maslahat berýäris;
▫️ No-code platformalar, AI we bulutly hyzmatlar ýaly sanly çözgütleri ornaşdyrýarys;
▫️ Akselerasiýa maksatnamalaryna taýýarlyk, maýa goýujylar üçin tanyşdyryş (pitch) taýýarlamak boýunça ýardam berýäris.
📎 Tehnologiýany, ylmy we bazary birleşdirýäris.
🌐 Halkara taslamalar
Biz Erasmus+, Horizon Europe ýaly halkara maksatnamalaryň çäginde taslamalary alyp barmaga ýardam berýäris:
▫️ Taslamalaryň hyzmatdaş toparlaryny (konsorsium) döretmäge we ähli resminamalary taýýarlamaga ýardam edýäris;
▫️ Resmi resminamalaryň terjimesi, uýgunlaşdyrylyşy we taýýarlanylmagy boýunça hyzmatlary hödürleýäris;
▫️ Halkara ülňülerine laýyklykda taslamalaryň taýýarlanylmagyna maslahat berýäris.
📎 Ylym we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýäris.
💼 Işewürlik boýunça maslahat hyzmatlary
Biz telekeçiler we guramalar üçin netijeli ösüş strategiýalaryny taýýarlamakda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris:
▫️ Biznes meýilnamalaryň we maýa goýum teklipleriniň taýýarlanylmagyna goldaw berýäris;
▫️ Bazar derňewi, müşderi segmetleri we bäsdeşlik analizini ýerine ýetirýäris;
▫️ Korporatiw strategiýalar, ösüş meýilnamalary we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri boýunça maslahat berýäris.
📎 Işleriňizi güýçlendirmek we bazarda öňe saýlanmak üçin strategiki ýoldaşyňyz bolýarys.
💻 Informasion tehnologiýalar boýunça maslahat hyzmatlary
Biz IT ulgamynda kärhanalaryň we bilim edaralarynyň sanly ösüşine goldaw berýäris:
▫️ Web we mobil platformalaryň işlenip düzülmegi, maglumat howpsuzlygy boýunça strategiýalar;
▫️ IT infrastrukturanyň we sanly hyzmatlaryň (cloud, SaaS, AI integrasiýasy) ornaşdyrylmagy;
▫️ Sanly transformasiýa, maglumat dolandyryşy we iş prosesleriniň awtomatlaşdyrylmagy boýunça maslahat berýäris.
📎 IT çözgütleri bilen işleriňizi döwrebaplaşdyrmaga ýardam berýäris.
Garyagdyyev Consulting bilen bilelikde işleşmek — bu çuňňur düşünýän, tejribeli we köp dil bilýän hünärmenleriň toparynyň goldawyna eýe bolmakdyr. Biz her bir taslama aýratyn çemeleşýäris we siziň maksatlaryňyzy halkara derejesinde amala aşyrmaga kömek edýäris. Ýolbaşçylykdan ýerine ýetirilişe çenli ähli tapgyrlarda ýanyňyzdadyrys.
✅ Indiwidual çemeleşme. Her bir müşderiniň maksady we zerurlygy özboluşlydyr — biz siziň taslamaňyza degişli ýörite strategiýa taýýarlap, netijä gönükdirilen çemeleşme üpjün edýäris.
✅ Halkara taslamalarda tejribe. Erasmus+, Horizon Europe we beýleki halkara maksatnamalaryň çäginde üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň esasynda gazanylan tejribämiz bilen, biz siziň başlangyçlaryňyzy halkara derejesine çykarmaga taýýar.
✅ Köp dilli hünärmenler topary. Toparymyzyň düzüminde türkmen, rus, iňlis we türk dillerinde erkin işleýän hünärmenleriň bolmagy hyzmatdaşlygyňyzyň aragatnaşyk taýdan amatly we düşnükli geçmegini üpjün edýär.
✅ Ähli tapgyrlarda goldaw. Taslamaňyzyň ideýasyndan başlap, ýerine ýetirilişine we hasabat berilişine çenli biz siziň ýanyňyzda — giňişleýin maslahat, tehniki kömek we dokument taýdan doly ýardam berýäris.
Garyagdyyev Consulting tarapyndan taýýarlanýan bu bölümde, ylym we bilim ulgamyndaky iň soňky täzelikler, ylmy ösüşler, halkara taslamalardaky möhüm üýtgeşmeler we tejribeli hünärmenleriň peýdaly maslahatlary bilen tanyşyp bilersiňiz. Biz diňe teoriýa bilen çäklenmän, amaly çözgütler, sanly bilim tehnologiýalary we grant mümkinçilikleri barada hem yzygiderli maglumat paýlaşýarys.
📌 Daşary ýurtda ylmy makalany çap etmegiň täze mümkinçilikleri.
Ylmy makala çap etdirmek üçin maslahat almak isleýänler, gündelik ýüz tutup bilerler. Biz size hepdäniň dowamynda giňişleýin hyzmat hödürleýäris. Siziň ylmy üstünlikleriňiz üçin ähli zerur maglumatlary berýäris!
📅 Senesi: Gündelik maslahat / hepdäniň dowamynda hyzmat
📌 Halkara ylmy konferensiýalara gatnaşyň!
Halkara derejesinde ylmy konferensiýalara gatnaşmak isleýänler üçin giň mümkinçilikler bar. Gündelik ýazgy goýup bilersiňiz, we biz ähli zerur maglumatlary derňäp, size iň amatly mümkinçilikleri hödürleýäris.
📅 Senesi: Gündelik maslahat / hepdäniň dowamynda hyzmat
📌 Halkara ders bäsleşikleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanyň!
Dünýä derejesinde giňden tanalýan ders bäsleşiklerine gatnaşmak isleýänler üçin mümkinçilikler açyk! Gündelik ýazgy goýup, hepdäniň dowamynda bäsleşige gatnaşmaga mümkinçilik alarsyňyz.
📅 Senesi: Gündelik maslahat / hepdäniň dowamynda hyzmat
📌 Halkara taslamalar we online sapaklar gatnaşmaga isleg bildirýänler üçin!
Halkara taslamalara we online sapaklara gatnaşmak isleýänler üçin täze mümkinçilikler! Täze taslamalara gatnaşmak, bilim almak we tejribe gazanmak üçin ýönekeý görnüşde ýüz tutup bilersiňiz. Siziň üçin ähli zerur hyzmaty üpjün edýäris.
📅 Senesi: Gündelik maslahat / hepdäniň dowamynda hyzmat
📌 Web of Science we Scopus: ylmy makalalaryň ygtybarly ulgamy!
Web of Science we Scopus ulgamlarynda makala çap etmekde size kömek edýäris! Žurnaly saýlamagyňyz we degişli formata geçirmegiňizde biz size ýakyn kömekçi bolarys. Siziň ylmy işiňizi has akademiki görnüşe getirip, size ýardam ederis.
📅 Senesi: Gündelik maslahat / makala çap edilýänçä hyzmat
Aragatnaşyk
E-poçta: info@garyagdyyev.com
Telefon: +993 63536162
Web: garyagdyyev.com
Ylmy, işewürlik we informasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça konsalting hyzmatlary!